GTA 6-nyň kompýuterde çykjak senesi mälim edildi

  • 18.02.2025 15:04
  • 3k+

Corsair kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Endrýu Pol geýmerleriň köp garaşan Grand Theft Auto 6 oýnunyň 2025-nji ýylyň güýzünde PlayStation 5 we Xbox Series X / S konsollarynda çykyp biljekdigini, birnäçe aýdan soň bolsa kompýuterde peýda boljakdygyny çaklady. Emma bu çaklama içerki maglumatlara esaslanýarmy ýa-da diňe çaklamamy, anyk aýtmady diýip, Notebookcheck ýazýar.

Geýmerler üçin öňdebaryjy enjamlary we tehnologiýalary öndüriji kompaniýa Corsair-iň girdejisi barada gürrüň bermek bilen, Pol GTA 6-nyň iň köp serişde talap edýän, şol sebäpli kompýuteriň komponentleriniň satuwynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljek oýunlaryň biri boljakdygyny aýtdy. Oýundan aňrybaş tejribe almak üçin, oýunçylar ulgamlaryny täzelemeli bolarlar.
Kompaniýanyň başlygy Ştraus Zelnik oýnuň kompýuterdäki paýynyň 40% -e ýetip biljekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, Rockstar we Take-Two üçin konsolyň täze nesli ileri tutulýan bolmagynda galýar.
Abraýly neşir Kotaku oýnuň çykjak takyk senesini neşir etdi, ýöne bu maglumatlary resmi taýdan tassyklamady.
Neşir bu oýnuň 28-nji oktýabrda, aýyň soňky sişenbe güni çykjakdygyny tassyklaýar. Žurnalistler munuň sebäbini Rockstar Games oýunlarynyň köplenç hepdäniň şu gününde goýberilýändigi bilen delillendirdiler. Mysal üçin, GTA 5, GTA 4 we GTA San Andreas - bularyň hemmesi sişenbe güni goýberilipdi.
Şeýle hem, Kotaku GTA 6-ny goýbermek üçin Take-Two Interactive-yň Borderlands 4 (23-nji sentýabrda) ýaly beýleki esasy oýun goýberilişleri bilen gabat gelmejek senäniň  saýlanandygyna ynanýar.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......