295 mln oýunçy: Epic Games Store geçen ýylky netijeleri we şu ýyl üçin meýilnamalary bilen paýlaşdy

  • 18.02.2025 14:56
  • 1.4k+

2024-nji ýylda Epic Games Store (EGS) ulanyjylarynyň sany 295 milliona ýetdi. Sanly dükanyň administrasiýasynyň fewral aýyndaky hasabatyna görä, bu görkeziji 2023-nji ýylda 270 milliondy.

Epic-iň köp platformaly hasaplarynyň jemi sany 898 milliona (geçen ýyl 804 mln) ýetdi. Gündelik iň ýokary onlaýn oýunçy sany 37,2 million (36,1 mln), aýlyk bolsa 74 million (75 mln) boldy.
2024-nji ýylyň dowamynda EGS-de 1100 sany (geçen ýyl 1300) oýun we programma neşir edildi. Umumy sany 4000-e (öň 2900) ýetdi. Ulanyjylar Epic-iň oýunlaryna jemi 1,09 milliard dollar (950 mln dollar), beýleki kompaniýalaryň oýunlaryna bolsa 255 million dollar (310 mln dollar) sarp etdiler. Oýunçylar Epic-iň oýunlaryny jemi 7,72 milliard sagat, beýleki oýunlary bolsa 2,68 milliard sagat oýnadylar.
Epic Games Store-yň hyzmatdaşlary 2024-nji ýylda umumy bahasy 2229 dollar (2055 dollar) bolan 89 sany (86) mugt oýunlary paýladylar. Oýunlaryň ortaça reýtingi 76% (75%) boldy. Jemi 595 milliondan gowrak (öň 586 mln) mugt nusga ulanyjylara berildi.
EGS-de geçen ýyl Genshin Impact, Honkai: Star Rail, Rocket League, GTA V we Fortnite ýaly öňden meşhur oýunlar uly üstünlik gazandylar we «mifiki» derejä ýetdiler. Wuthering Waves «legendalaryň» sanawyna girizildi, EA Sports FC 25 we Black Myth: Wukong bolsa «epiki» oýunlaryň hataryna goşuldy.
Indi EGS-iň meýilnamasynda mobil programmasyny kämilleşdirmek, ulanyjylar we oýun öndürijiler üçin täze aýratynlyklar goşmak, şeýle hem mobil platformanyň mümkinçiliklerini giňeltmek bar. Bu mümkinçilikleriň arasynda beýleki oýunçylara oýun sowgat etmek, oýunlary neşir edilmezinden öňünden ýükläp alyp bilmek, şeýle-de platformalaryň arasyndaky sosial funksiýalar (çat, toparlar, gözleg) we beýlekiler bar.
Epic Games «Şu wagt Epic-de» maksatnamasyny 2026-njy ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy we çägini mobil oýunlara çenli giňeltdi. Bu maksatnama oýunlary EGS-de neşir edilenden soň oýun öndürijilere ilkinji alty aýyň dowamyndaky girdejileriň 100%-ini almaga mümkinçilik berýär. Ýagny, şol döwürde oýun satylan mahaly, Epic Games hiç hili komissiýa almaýar we ähli gazanylan girdeji gönümel öndürijä gidýär.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......