Xiaomi 15 Ultra-nyň ähli aýratynlyklary mälim boldy

  • 18.02.2025 14:38
  • 4k+

Xiaomi kompaniýasy aýratynlyklary we fotosurat ugrundaky mümkinçilikleri bilen iPhone 16 Pro Max we Galaxy S25 Ultra bilen bäsleşmäge taýyn täze flagmanyny hödürlemäge taýýarlanýar. Hytaýdaky tanyşdyrylyş dabarasynyň şu aýyň ahyrlarynda geçirilmegine, global duýduryşyň bolsa 2-nji martda bolmagyna garaşylýar.

Resmi taýdan hödürlenmezden öň enjamyň esasy aýratynlyklary mälim boldy. Bu maglumatlary insaýder Abhişek Ýadaw paýlaşdy. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi 15 Ultra 6,73 dýuýmlyk 2K durulykdaky we 120 Gz täzeleniş ýygylykly AMOLED ekran bilen üpjün ediler. Smartfona güýçli Qualcomm Snapdragon 8 Elite prosessory ýerleşdiriler we ol Android 15 operasion ulgamy bilen hödürlener.
5410 mAh sygymly akkumulýatory 90 Wt-da simli we 80 Wt-da simsiz çalt zarýad almagy goldar. Şeýle-de USB 3.2 porty, IP69 derejesindäki tozan we suwdan gorag standarty, Wi-Fi 7, ekranyň astynda ýerleşýän barmak yzy skaneri, stereo gürleýjiler (dinamikalar) we NFC çipi bilen enjamlaşdyrylandygy habar berilýär. Enjamyň galyňlygy 9,48 mm, agramy bolsa 229 gram bolar.
Leica bilen bilelikde işlenip taýýarlanan kamerasyna aýratyn üns berilýär. Ol dört sany esasy sensordan ybarat bolar: 50 MP esasy Sony LYT-900 sensor, 50 MP giň burçly Samsung JN5, 50 MP üç esse optiki zumly Sony IMX858 teleobýektiw (telefoto linza) we 200 MP Samsung ISOCELL HP9 periskop modul. Öňdäki kamera bolsa 32 MP çözgütde surata alar.
Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szun Xiaomi 15 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin pes ýagtylykda düşürilen suratlary paýlaşdy.


Suratlarda 1548 at güýjündäki güýçli hereketlendirijä eýe Xiaomi SU7 Ultra giperkaryny görmek bolýar.

«Doly fokusly gijeki surata düşüriş örän güýçli!» — diýip, Leý Szun Weibo-da ýazdy.


düýn 09:00
1.1k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...