Blue Origin "New Glenn" raketasynyň meselesini düzedip, ikinji uçuşa taýýarlanýar

  • 18.02.2025 14:49
  • 1k+

Blue Origin ýanwar aýynda birinji basgançagynyň gonuşy bilen bagly şowsuzlykdan soň, New Glenn raketasyny ikinji gezek uçurmaga taýýarlyk görýär. Kompaniýa näsazlygy düzetdi we ýazyň ahyrynda gaýtadan uçurmagy göz öňünde tutýar diýip, baş direktor Deýw Limp täjirçilik kosmos konferensiýasynda aýtdy. Bu barada Spacenews ýazýar.

Limpiň sözlerine görä, 16-njy ýanwarda New Glenn-iň ilkinji uçuşynda birinji basgançagynyň ýitmegi hereketlendirijiniň ulgamyndaky näsazlyk sebäpli ýüze çykdy.

"Hereketlendirijidäki şertlerimiz dogrydy, ýöne baklardan hereketlendirijä barýan ähli gerekli zatlary üpjün edip bilmedik" - diýip, ol kompaniýanyň meseläniň nämededigine indi düşünýändigini aýtdy.

Limp BE-4-iň hereketlendirijilerini uçuşdaka gaýtadan işletmegi öňünden synag edip bolmaýandygyny düşündirdi.
Ikinji uçuryş üçin peýdaly ýüküň nämeler boljakdygyny entek yglan edilmedi. Limpiň sözlerine görä, täjirçilik ýükleri we synag modeli ýaly dürli wariantlar göz öňünde tutulýar. New Glenn-iň başdaky üç uçuşy synag uçuşlary bolar.
Şeýle hem, Limp şu ýyl Blue Moon Mark 1 Aý modulyny ibermek baradaky meýilnamany tassyklady.
Limp: "Şu ýyl Aýa baryp biljekdigimize öňkim ýaly ynanýaryn" - diýdi. Onuň sözlerine görä, apparat Aýyň üstüne üç tonna çenli ýüki eltip biler. Ol Ýeriň hemrasyna gonjak iň uly kosmiki gämi bolar.
Kompaniýanyň baş direktory Aý üçin işlenip düzülýän tehnologiýalaryň geljekdäki Mars missiýalarynda hem ulanylyp bilinjekdigini aýtdy. Ol hereketlendirijileriň üstünde işlenelişini, kosmosda ýangyç guýmaklygy we Blue Moon-y Aýyň orbitasyna eltmek üçin tirkegiň işlenip taýýarlanyşyny göz öňünde tutýar. Limp bu tehnologiýalary gaýtadan gurnap boljak LEGO kubjagazlary bilen deňeşdirdi.
Blue Origin geçen ýyl Mars Sample Return (MSR) maksatnamasyna täze çemeleşmeleriň konsepsiýa gözleglerini geçirmek üçin NASA tarapyndan saýlanan kompaniýalaryň arasynda bolupdy.


düýn 08:39
929

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......