Perplexity arzan Deep Research emeli aň guralyny çykardy 

  • 18.02.2025 14:45
  • 996

Perplexity kompaniýasy düýpli seljeriş resminamalaryny çalt döredip bilýän, AI bilen işleýän Deep Research platformasyny çykardy. Onuň esasy artykmaçlygy AI hyzmatlar bazarynda düýpli öwrülişik edip biljek elýeterli bahasydyr.

Deep Research-iň peýda bolmagy bilen AI önümleriniň bahasynyň ýokarydygy baradaky mesele äşgär bolýar. Anthropic we OpenAI ýaly bäsdeşler aýda müňlerçe dollar alýan wagtynda, Perplexity günde 5 mugt talaby we Pro-nyň ulanyjylary üçin aýda bary-ýogy 20 dollara 500-e çenli talaby hödürleýär. VentureBeat-iň hünärmenleriniň pikirine görä, bu esasy oýunçylary nyrh syýasatlaryna täzeden garamaga mejbur eder.
Kompaniýalaryň IT-e maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýändiklerine garamazdan, Deep Research elýeterli bahadan şuňa meňzeş funksiýalary hödürlemek bilen, munuň üçin uly çykdajy etmegiň maksada laýyklygyny şübhe astynda goýýar.
Deep Research haýran galdyryjy takyklygy görkezýär: SimpleQA-da 93,9% we Humanity’s Last Exam-de 20,5%, hatda Google Gemini Thinking ýaly modellerden hem üstündir.


11.06.2026 23:59
6.3k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......