YouTube dizaýnyndaky gyzyl reňki üýtgetdi: ol TW ekranynyň “ýanmagyna” getirýärdi

  • 18.02.2025 15:00
  • 3.3k+

YouTube dizaýnyndaky gyzyl reňki üýtgetdi. Munuň sebäbi 2017-nji ýyldan bäri ulanylýan öňki reňk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler boldy – ol has ýiti bolup, telewizorlaryň ekranlaryny zaýalaýardy. Täze dizaýny YouTube wekilleri resmi taýdan tassyklady.

Wideohosting dizaýny geçen ýylyň ahyrynda täzeledi, ýöne munuň sebäpleri diňe häzir belli boldy. Wizual dizaýn bölüminiň ýolbaşçysy Robin Li öňki gyzyl reňkiň tehniki kemçilikleriniň bolandygyny aýtdy: ol has ýiti bolup, käbir ekranlarda mämişi görünýärdi. Mundan başga-da, ol telewizor ekranlarynyň “ýanmagyna” getirýärdi.

“Biz rewolýusiýa däl-de, ewolýusiýa isledik. YouTube-yň firma gyzyl reňki aýawly çemeleşmäni talap edýärdi” – diýip, Robin Li belledi.

Şunuň bilen baglylykda, dizaýnerler has sowuk gyzyl öwüşginini ulanmak kararyna geldi. Bir tarapdan, bu brendiň tanalmagyny saklamaga mümkinçilik berdi. Beýleki tarapdan, täze reňk has döwrebap görünýär diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar.
Netijede, täze reňk bilen YouTube-yň ulanyjy interfeýsi has ýumşak we ekranlar üçin has ýeňil boldy.
Şeýle-de, dizaýnda gyrmyzy gradient peýda boldy, ol wideo progress-barynda we beýleki elementlerde görünýär. Dizaýnerler topary ikinji reňk hökmünde mämişi we sary reňkleri hem gözden geçirdi, ýöne gyrmyzy-benewşäni saýlamak kararyna geldi, çünki ol täze gyzylyň üstüni ýetirmek üçin has tebigy görünýärdi.
Işläp düzüjiler bu reňkiň ösüşi we döredijiligi alamatlandyrýandygyny belleýär.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......