Blue Ghost Aýyň orbitasyna girdi. Modul ilkinji suratlary iberdi

  • 17.02.2025 14:51
  • 2.6k+

NASA-nyň goldaw bermeginde Firefly Aerospace hususy kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Blue Ghost gonuş Aý moduly Aýyň orbitasyna üstünlikli girdi.

Apparat hereketlendirijilerini işletmek arkaly öwrüm edip, hemranyň orbitasyna girdi, bu proses 4 minut 15 sekunt dowam etdi.
Orbita girensoň, apparat Ýere Aýyň suratlaryny iberdi. Şolaryň esasynda Firefly Aerospace gysga wideo döretdi.
16 günüň dowamynda modul töwerekläp aýlanmak üçin orbitasyny sazlar. 2-nji martda Çökgünlikler deňzi sebitine gonmaga synanyşar diýlip garaşylýar.
Blue Ghost NASA-nyň goldaw bermeginde, CLPS (Commercial Lunar Payload Services) programmasy boýunça Aýa ylmy gurallary eltmek maksady bilen döredildi. Missiýanyň esasy maksady - regoliti we Gün ýeliniň Ýeriň magnit meýdanyna edýän täsirini öwrenmek. Apparatyň äkitjek gurallarynyň arasynda rentgen teleskopy, termo datçikli kiçijik buraw, regolitiň dürli materiallara ýelmeşişini bahalandyrmak üçin synag materiallary, dürli üstleri galtaşmazdan Aý tozanyndan arassalamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin elektrik meýdany generatory, synag kompýuteri we GPS-resiweri bar.
Bu missiýa 60 gün, Aý gijesi başlanýança dowam eder. Ahyrda apparat Günüň ýaşyşynyň suratyny iberer.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......