Telegram wideopleýeri kämilleşdirdi: taýmkod, daşlyk we beýleki täzelikler peýda boldy

  • 16.02.2025 23:52
  • 1.4k+

Telegram wideopleýeri täzeläp, köp sanly täze funksiýalary goşdy. Bu barada messenjeriň blogunda habar berilýär.

Indi wideopleýerde islendik kadry ulanyp, wideo üçin daşlyk goýmak bolýar. Şeýle-de, wideoredaktorynda wideolara tekst, emoji, stiker we beýleki elementleri goşup bolýar. Munuň üçin wideony wideoredaktorda açmaly, ýokarky burçdaky üç nokada basyp, “Daşlygy üýtgetmek” ýazgysyny saýlamaly.
Täze aýratynlyk taýmkoddan tomaşa edip başlamak üçin, bellibir pursatdan wideo salgylanmalaryny paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, pleýer indi togtadylan ýeri ýatda saklap, tomaşany şol bir ýerden dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
2019-njy ýyldan bäri Telegram-da wideo üçin habara bellibir pursatdan görkezip başlamak üçin wagt belligini goşup bolýardy. Indi bolsa bu aýratynlygy salgylanmalar arkaly paýlaşmak mümkinçiligi peýda boldy. Şeýle salgylanma boýunça geçilende, Telegram-da wideo görkezilen wagtdan başlar.
Telegram-da gözlegleriň netijesinde ulanyjylar tarapyndan döredilen millionlarça stikerler we emojiler elýeterli boldy. Diňe “gussaly pişik” ýa-da “robot-sazanda” ýaly esasy sözleri girizmek ýeterlik we gerek şekiller penjirede peýda bolar. Stikerleri we emojileri gözlemekde 29 dilde esasy sözler boýunça şekilleri saýlaýan EA kömek edýär.
Mundan başga-da, ulanyjylar diňe bir öz adyndan däl, eýsem kanalyň adyndan ýyldyz reaksiýalaryny goýup biler. Bu kontenti ösdürmäge we postlaryň köp görülmegine kömek edýär.
Täzelenmede botlaryň profili-de kämilleşdirildi, indi olarda meňzeş botlar görkezilýär. Bu funksiýa beýleki täzelenmeleriň sanawyna goşuldy we Telegram eýýäm indiki kämilleşdirmeleriň üstünde işleýär.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......