Telewideniýäniň ýyldyzlary: Variety XXI asyryň iň gowy keşplerini atlandyrdy

  • 16.02.2025 19:31
  • 4.7k+

Variety neşiri XXI asyryň telewideniýesinde iň gowy 100 keşbiň sanawyny çap etdi.

Sanawyň başynda HBO-nyň «Wise-prezident» teleserialyndaky keşbi üçin Juliýa Luis-Dreýfus ýerleşýär. Aktrisa bu işi üçin rekord derejede – alty sany «Emmi» baýragyna mynasyp boldy.
Sanawyň ilkinji «onlugyna» aşakdaky artistler girýär:

  • Jeremi Strong – «Mirasdüşerler» (Наследники)
  • Elizabet Moss – «Aklyndan azaşanlar» (Безумцы)
  • Liza Kudrou – «Gaýdyp geliş» (Возвращение)
  • Braýan Krenston – «Ýoluny urduran» (Во все тяжкие)
  • Maýkl Kennet Uilýams – «Diňlemek» (Прослушка)
  • Kerri Kun – «Galdyrylanlar» (Оставленные)
  • Andre Brauer – «Bruklin 9-9» (Бруклин 9-9)
  • Reý Sihorn – «Iň gowusy Sola jaň et» (Лучше звоните Солу)
  • Sandra O – «Hyjuw anatomiýasy» (Анатомия страсти)
düýn 19:02
2.5k+

Mark Sukerberg Facebook-yň koduny ýazan wagty diňlän aýdymlaryny paýlaşdy

Mark Sukerberg mundan 22 ýyl ozal Facebook-y işläp düzen döwründe diňlän aýdymlaryndan ybarat bolan pleýlistini Spotify platformasynda köpçülige hödürledi. ​Bu pleýlistde jemi bäş sany kompozisiýa bar: ​Trapt toparynyň...

düýn 17:57
5.7k+

Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy...

düýn 17:00
885

YouTube 2025-nji ýylda 60 mlrd dollar gazanyp, Netflix-den öňe geçdi

YouTube wideohostingi 2025-nji ýylda täsirli maliýe netijelerini görkezdi: mahabatdan we ýazylyşyklardan gelýän umumy girdeji 60 mlrd dollara ýetdi. Bu görkezijiler platforma 45,18 mlrd dollar gazanan Netflix-den ep-esli öňe geçmäge we dynç alyş-güýmenje pudagynyň lideri bolan Disney kompaniýasyna (95,7 mlrd dollar) ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi...

düýn 16:27
2.1k+

Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär

Squarespace hosting kompaniýasy 8-nji fewralda geçiriljek Superboula ýörite taýýarlanan iri mahabat kampaniýasyna başlady. Taslamanyň režissýory Ýorgos Lantimos boldy, ol özüniň hemişelik aktrisasy Emma Stoun bilen ýene-de bir gezek bilelikde işleşdi...