"Ford Ferrarä garşy" filmindäki ady rowaýata öwrülen Ford GT40 auksiona çykaryldy

  • 16.02.2025 13:04
  • 3.8k+

RM Sotheby’s-iň Maýamidäki auksionynda 1966-njy ýylda goýberilen seýrek Ford GT40 Mk II satuwa çykarylar. P / 1032 seriýa belgili bu awtoulag gurlan sekiz ulagyň biridir. Ol meşhur “LeManyň 24 sagady” we “Sebringiň 12 sagady” çydamlylyk ýaryşlarynda bäsleşdi.

Ýaryşlar üçin ýörite işlenip taýýarlanan Ford GT40-yň dörediliş taryhy “Ford Ferrarä garşy” filminde görkezildi. Hut şol sport awtoulagy Mark Donohýuwyň we Uolt Hangseniň dolandyrmagynda 1966-njy ýylyň mart aýynda “Sebringiň 12 sagady” ýaryşynda ikinji ýeri eýeläpdi. Olar diňe Ford GT40 X-1 Roadster-de ýaryşan Ken Maýlzdan we Lloýd Rubiden utulypdy.
Şol ýylyň iýun aýynda bu Ford GT40 “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşdy, ýöne ýaryşyň bäşinji sagadynda tehniki kynçylyklar bilen bagly ýaryşdan çykdy. Ekipažy Mark Donohýudan we Pol Houkinsden ybaratdy.
Ýaryşdan soň, 1968-nji ýylda awtoulag Indianapolis awtoulag muzeýine geçirildi. 2011-nji ýylda ulag doly dikeldildi we Le-Man ýaryşyna gatnaşan görnüşindäki ýagdaýyna getirildi.
Bu taryhy awtoulagyň 8-11 million dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar.


09.05.2026 09:12
2.1k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.4k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....

24.04.2026 10:28
5.2k+

Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......