«Ýandeks» baş sahypasynyň dizaýnyny täzeledi

  • 16.02.2025 00:56
  • 3.8k+

12-nji fewralda «Ýandeks» rus internet gözleg brauzeri baş sahypasynyň iş stoly we mobil görnüşiniň täzelenendigini habar berdi. Bu «Ýandeksiň» baş sahypasynyň dizaýny boýunça soňky iki ýylyň dowamynda edilen ilkinji uly üýtgeşme boldy diýip, «TASS» agentligi habar berýär.

«Baş sahypanyň dizaýny has minimalistik boldy, indi diňe çal, ak we gyzyl reňkler ulanylýar. Gözleg setiri has sadalaşdyryldy we sary kenarlary aýryldy. Howa maglumaty we walýuta görkezijileriniň nyşanlary birleşdirildi, “Ýandeks” logotipi bolsa sahypanyň burçundan gözleg setirine geçirildi» diýip, «Ýandeksiň» wekili üýtgeşmeler barada aýdyp berdi.

2022-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda «Ýandeks», VK bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, «Dzen» we «Täzelikler» bölümlerini satandan soň, yandex.ru sahypasyny dzen.ru sahypasyna ugrukdyryp başlady. «Ýandeks» üçin täze baş sahypa ya.ru boldy. Mundan öň şol sahypada diňe gözleg setiri we «Найти» (Gözle) düwmesi bolan minimalistik interfeýs bardy. Hatda kompaniýa bir wagtlar bu sahypadan artykmaç zatlaryň ählisini aýyrmak üçin bäsleşik yglan edipdi. Bäsleşigiň ýeňijisi bolsa «Найти!» düwmesindäki ýüzlenme belgisinden dynmagy teklip eden ulanyjy bolupdy.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
662

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......