ZF dünýäde aýak üçin ilkinji howpsuzlyk ýassygyny hödürledi

  • 15.02.2025 17:59
  • 5.2k+

Häzirki zaman awtoulaglary howpsuzlyk ulgamlaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler. Awtoulaglaryň köpüsinde eýýäm çaknyşyk ýüze çykan halatynda ýolagçylary goramaga niýetlenen gapdal, dyz we merkezi howpsuzlyk ýassyklary ulanylýar. Şeýle-de bolsa, ZF Lifetec kompaniýasy ösüşde hasam öňe gitmek kararyna geldi we aýak üçin dünýäde ilkinji howpsuzlyk ýassygyny işläp taýýarlady.

Active Heel Airbag diýlip atlandyrylýan täze önüm ýol heläkçiliginde sürüjiniň we ýolagçylaryň dabanyny goramak üçin niýetlenendir.
Bu ulgamyň aýratynlygy aýaklar adaty bolmadyk ýagdaýda durka, olaryň goşmaça goragyny üpjün etmegidir. Bu, esasanam, adamlaryň oturgyçlaryň ýagdaýyny üýtgedip bilýän awtopilotly awtoulaglar üçin has möhümdir. Şeýle ýagdaýda, mysal üçin,  dyz üçin howpsuzlyk ýassyklary ýeterlik derejede netijeli bolman biler.
Täze eýrbeg awtoulagyň poluna, pedallaryň aşagyna gurulýar. Çaknyşyk ýüze çykan dessine ol derrew çişýär we aýaklara goşmaça söýeg bolýar. Bu dyza düşýän  agramy azaltmaga we uýlugy şikes ýetmekden goramaga kömek edýär.
Geljekde ZF bu tehnologiýany diňe bir howpsuzlyk üçin däl, eýsem rahatlyk üçinem ulanmagy meýilleşdirýär. Mysal üçin, awtonom sürüş wagtynda sürüji aýaklara goşmaça tekge bermek üçin eýrbegi işjeňleşdirip biler.
Active Heel Airbag ulgamynyň 2028-nji ýyla çenli köpçülikleýin öndürilýän ulaglarda elýeterli bolmagyna garaşylýar.

düýn 21:01
3.3k+

Ferrari öz işgärlerine rekord bonus paýlaýar

Ferrari kompaniýasy Italiýada öz işgärleri üçin ýyllyk bonusyň ýokarlandyrylandygyny habar berdi. 2025-nji ýylda 5000 işçiniň her biri kompaniýanyň üstünliklerine goşan goşandy üçin baýrak hökmünde 14 400 ýewro...

düýn 17:34
1.7k+

Chevrolet NASCAR ýaryşy üçin 1300 at güýji bolan Blazer EV.R elektrik ulagyny görkezdi

Chevrolet NASCAR ýaryşy üçin niýetlenen elektrik prototip bolan Blazer EV.R -i hödürledi. Daşyndan model seriýalaýyn çykarylýan Blazer-e meňzeýär, ýöne agressiw aerodinamiki obwes, iki gapyly korpus we howpsuzlyk...

düýn 08:02
3.3k+

Xiaomi SU7 Ultra Şanhaýdaky “Formula-1” ýolunda rekord goýdy

Xiaomi Motors 1548 at güýjüni berýän Xiaomi SU7 Ultra elektrik giperkarynyň Şanhaý halkara awtodromynda täze rekord goýandygyny habar berdi. Ol bu aýlawy 2 minut 9,944 sekuntda geçdi. Bu görkeziji Porsche Taycan...

düýn 07:55
2.3k+

Isleg teklipden agdyklyk edýär: Xiaomi 9 aýda 135 müň elektromobil satdy

Xiaomi elektromobil önümçiliginde haýran galdyryjy üstünlikleri gazandy: kompaniýanyň ilkinji SU7 modeli önümçilige goýberilenden bäri 9 aýyň dowamynda alyjylara 135 000 awtoulag iberildi. Bu barada kompaniýanyň...