Porsche içinden ýandyrylýan hereketlendirijilere gaýdyp gelýär: elektromobiller netije bermedi

  • 15.02.2025 17:47
  • 4.8k+

Porsche elektromobillere geçmek boýunça strategiýasyna gaýtadan seretmek kararyna geldi. Nemes awtoöndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijilere bolan islegiň pikir edilişinden has uzak dowam etjekdigini boýun aldy.

Geçen tomus kompaniýa 2030-njy ýyla çenli ähli satuwyň 80%-ini elektromobil etmek maksadyndan eýýäm ýüz öwrüpdi. Indi bolsa Porsche benzin hereketlendirijili we gibrid gurluşly modelleriň sanyny artdyrmak isleýär diýip, Telegraph ýazýar.
Çözgüt Beýik Britaniýada we Ýewropada zyňyndylaryň nol derejesine geçmek möhletiniň golaýlandygyna we munuň awtoöndürijileri benzin awtomobilleri az we elektromobilleri köp satmaga mejbur etjekdigine garamazdan kabul edildi. Ýagny, awtoöndürijiler 2030-njy ýyldan Beýik Britaniýada we 2035-nji ýyldan Ýewropada täze benzin we dizel awtomobillerden ýüz öwürmeli bolar.
Germaniýanyň awtoulag ägirtleri ÝB-ni çärelere gaýtadan seretmäge ýa-da sintetiki elektron ýangyç ýaly benzin alternatiwalaryna rugsat bermäge çagyrdy.
Porsche islegiň pesligi sebäpli elektromobil önümçiligi boýunça meýilnamalaryny gowşadan soňky awtoöndürijileriň biri boldy.
Häzir Porsche benzin hereketlendirijileri käbir elektromobil konseptlerine oturtmak mümkinçiligine seredýär. Kompaniýa 2025-nji ýylda girdejisiniň 39 – 40 mlrd ýewro bolmagyna garaşýar.
Rho Motion analitikleriniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Ýewropada satylan elektromobilleriň sany 3% azaldy. Germaniýada elektromobiller üçin salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy hem islegiň ep-esli pese gaçmagyna getirdi. 


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......