Ronaldu 2024-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan türgen boldy

  • 14.02.2025 06:18
  • 9.9k+

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Sportico portaly tarapyndan 2024-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan türgen diýlip hasaplandy.

Ronaldunyň umumy gazanjy 260 mln dollar boldy. Bu mukdaryň 215 mln dollary saud klubundaky zähmet hakynyň we pul baýraklarynyň hasabyna gazanyldy, ýene 45 mln dollary hemaýatkärler bilen baglaşylan şertnamalar getirdi. 
Oýunçynyň “Al-Nasr” bilen şertnamasy ýylda, takmynan, 200 mln dollar zähmet haky bilen 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Maglumatlara görä, şertnama ýene bir möwsüm uzaldylyp bilner. Ronaldu Nike, Herbalife, Clear ýaly iri kompaniýalar, şol sanda Binance kriptobiržasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Reýtingde ikinji orny amerikaly basketbolçy Stefen Karri eýeledi ($153,8 mln), üçünji orunda britaniýaly boksçy Taýson Fýuri ýerleşdi ($147 mln). Reýtingiň dördünji ornuny argentinaly futbolçy Lionel Messi ($135 mln), bäşinji ornuny amerikaly basketbolçy Lebron Jeýms ($133,2 mln) eýeledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga braziliýaly futbolçy Neýmar ($133 mln), ukrainaly boksçy Aleksandr Usik ($122 mln), fransiýaly futbolçylar Karim Benzema ($116 mln), Kilian Mbappe ($110 mln) we ispaniýaly golfçy Jon Ram ($105,8 mln) girdi.
Umuman alanyňda, iň köp girdejili 100 türgen 6,2 mlrd dollar gazandy (2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende +14%). Sanawyň top-100-lügine yzygider ikinji ýyl ýekeje-de zenan türgen girmedi. Ýöne iň köp girdeji alan zenan ýene-de ABŞ-dan 20 ýaşly tennisçi Koko Gauff boldy, ol 30,4 mln dollar gazandy.
Abraýly reýtinge jemi 27 ýurtdan we sportuň sekiz görnüşinden wekiller girdi.


şu gün 10:24
2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.4k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......