Asus ýuka, ýeňil we kuwwatly ZenBook 14 Air Snapdragon Edition noutbugyny çykardy

  • 13.02.2025 23:31
  • 1.8k+

Asus kompaniýasy Hytaýda ZenBook 14 Air Snapdragon Edition noutbugynyň satuwynyň başlajakdygyny bildiriş etdi diýip, Gizmochina habar berdi.

Modeliň esasy aýratynlyklary: agramy ýeňil (960 gram), 22 sagatlap awtonom işläp bilýär we 120 Hz täzelenme tizlikli 14 dýuýmlyk 2.8K OLED displeýi bar. Durulygy: 2880×1800 piksel.
Noutbugyň esasy wersiýasy 4nm tehnologiýa prosesi esasynda gurlan we AI işinde 45 TOPS öndürijiligi bolan 8 ýadroly Qualcomm Snapdragon X prosessory bilen enjamlaşdyrylan, şeýle hem çynlakaý ofis işi we 4K formatdaky wideony göwnejaý görmek üçin amatly.


Ulgamyň çalt işlemegini gurlan 32GB LPDDR5X RAM we 1TB-lyk PCIe 4.0 interfeýsli SSD maglumat toplaýjysy üpjün edýär.
Noutbukda berkligi we teksturany ýokarlandyrmak üçin keramiki alýumin material peýdalanylýar.
Noutbuk 14-nji fewralda arzanladyş bilen 5999 ýuandan (häzirki walýuta hümmetinde, takmynan, 815 dollar) Hytaýda satuwa çykarylar. Kompýuteriň arzanladyşsyz bahasy 7499 ýuan (takmynan, 1020 dollar).

düýn 23:58
1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.5k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....