Samsung öz flagman smartfonlaryny akkumulýatorlaryň täze görnüşine geçirmek isleýär

  • 13.02.2025 19:43
  • 4.3k+

Samsung öz geljekki smartfonlarynda kremniý-uglerod akkumulýatorlaryny ulanmak mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu batareýanyň sygymyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, Fnnews koreý çeşmesi ýazýar.

Eger häzir Galaxy S25 modellerinde 4000-5000 mA/sag sygymly akkumulýatorlar ulanylýan bolsa, kompaniýa Galaxy S26-da 6000-7000 mA/sag sygymly batareýalary oturdyp biler.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kremniý-uglerod akkumulýatorlary litiý-ion batareýalaryndan has uly sygymy we has ýokary zarýad beriş kuwwatyny hödürleýär.
Bu ädim Samsung kompaniýasyna öz flagman gurluşlarynda akkumulýatoryň sygymyny işjeň artdyrýan hytaý öndürijileriniň yzyndan ýetmäge mümkinçilik berer.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...