Kaşaň ulaglardan kaşaň jaýlara: Bentley ABŞ-da ulaglar üçin liftli, her gaty howuzly jaý gurup başlady

  • 12.02.2025 13:48
  • 6.1k+

«Bentley» awtoulag dünýäsiniň çäginden çykyp, kaşaňlygyň täze derejesine gadam basýar. Kompaniýa ABŞ-nyň Maýami şäherinde 62 gatly «Bentley Residences» atly ýokary derejeli ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna başlady diýip, «Motor1.com» neşiri habar berýär.

Binada ýaşaýyş üçin ajaýyp şertler dörediler: her kwartiranyň şahsy howzy, tomusky aşhanasy we giň eýwany bolar. Superkar eýeleri üçin ýörite niýetlenen «Dezervator» atly lift gurlar we bu awtoulagdan düşmän öýüň içine girmäge mümkinçilik berer.

Awtoulag kompaniýalarynyň gozgalmaýan emläk bazaryndaky bäsdeşlikleri meşhurlyk gazanyp barýar: «Porsche», «Aston Martin» we «Mercedes-Benz» kompaniýalary hem şuňa meňzeş taslamalary durmuşa geçirýärler.
«Bentley Residences» 2028-nji ýylda açylyp ulanylmaga berler.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......