Alymlar towşanlaryň öz dişlerini iýýändigini anykladylar. Şeýdip, olar kalsiý alýarlar

  • 12.02.2025 13:33
  • 7.7k+

Towşanlaryň dişleri tutuş ömrüniň dowamynda ösmegini bes etmeýär. Şol sebäpden olar gaty iýmitleri çeýnäp, dişlerini köneldýärler. Emma täze geçirilen gözlegde alymlar towşanlaryň dişlerini diňe bir köneltmän, olary iýýändiklerini hem ýüze çykardylar. Bu barada geçirilen ylmy gözlegiň netijeleri «The Veterinary Journal» žurnalynda çap edildi.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, towşanlar açyk tebigatda hemişe süýümli otlar bilen iýmitlenýärler. Şol sebäpden olar hemişe çeýnemeli bolýarlar. Bu bolsa olaryň dişleriniň könelmegine getirýär. Dişleriň könelmegi bilen ýüze çykýan ownuk bölejikler we tozgalar iýmit bilen bilelikde içegä düşýär. Şol ýerde bolsa kalsiý täzeden siňdirilip organizme geçirilýär.
Bu çaklamany barlamak üçin alymlar iki hepdelik synag geçirdiler. Synaga sekiz sany towşan gatnaşdyryldy. Olar iki topara bölündi: bir topara adaty kalsiý goşundylary berildi, beýleki topara bolsa towşanlaryň dişlerinden ezilip taýýarlanan ownuk tozgalar berildi.
Netijeler haýran galdyrdy. Towşanlar öz dişlerinden alnan kalsiýni adaty mineral goşundylara garanyňda has gowy siňdirdiler. Diş tozgasy berlen towşanlar kalsiýniň 33%-ni siňdirdiler, adaty goşundylar bilen iýmitlendirilenler bolsa bary-ýogy 20%-ni siňdirdiler.
Gözlegiň netijeleri gyzykly bolsa-da, «towşanlaryň öz dişlerini bilgeşleýin iýýändikleri» henizem takyk subut edilen däldir. Alymlar olaryň könelşen dişleriniň näçerägini ýuwudýandyklaryny hem anyklap bilmediler.
Gözlegiň awtorlaryndan Sýurih uniwersitetiniň (UZH) weterinar lukmançylygynyň professory Žan-Mişel Hatt, bu hadysany «tebigatyň ýene bir täsin ewolýusion aýratynlyklarynyň biri» hökmünde häsiýetlendirdi.


düýn 23:12
1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......