ABŞ-nyň Maliýe ministrligi 1 sentlik teňňäni çykarmagy bes eder. Onuň özüne düşýän gymmaty 3,7 sent

  • 12.02.2025 12:23
  • 5.5k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Maliýe ministri Skott Bessanta täze pennileri – hümmeti bir sente barabar bolan şaýylary çykarmagy bes etmegi tabşyrdy. Ak tamyň baştutany olaryň býujete ýerliksiz gymmata düşýändigini aýtdy.

“Amerikanyň Birleşen Ştatlary aşa uzak wagtlap her biriniň bahasy iki sentden geçýän pennileri çykaryp geldi. Bu ýele sowurmak bolýar! – diýip, syýasatçy 10-njy fewrala geçilen gije Truth Social ulgamynda ýazdy.

Ozal ýanwar aýynda Tramp tarapyndan döredilen, telekeçi Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet netijeliligi departamenti (DOGE) her şaýyny çykarmagyň üç sentden hem gowrak bahadan düşýändigini aýdypdy. DOGE-niň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Zikgehanasy 2023-nji maliýe ýylynda salgyt töleýjilere 179 million dollar çykdaja düşen 4,5 milliarddan gowrak bir sentlik şaýy (jemi 40% töweregi) çykardy.
CBS News teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň Zikgehanasy hem  2024-nji ýylda bir senti öndürmekligiň we paýlamaklygyň takmynan 3,7 sente düşendigini tassyklady. Soňky birnäçe ýylda pennileri çykarmagyň bahasy birnäçe esse gymmatlady - 2016-njy ýylda bir sentlik şaýyny öndürmek üçin, takmynan, 1,5 sent sarp edilipdir. Ondan soňky ýyllarda şaýy puly öndürmek üçin ulanylýan misiň bahasy iki esse gymmatlady.
Çykarylmagy bes edilenden soň, bir sentlik şaýylar dolanyşykda galar.
ABŞ-da pennileriň dolanyşygyny togtatmak barada öň hem teklipler bardy. Şeýle-de bolsa, bilermenler şaýydan ýüz öwürmegiň ownuk zatlaryň söwdasy edilende tölegleriň tegelenmegi sebäpli, bahalaryň düýpli üýtgemegine sebäp bolup biljekdigini duýdurdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......