Superbouldan soň Spotify-da Kendrik Lamaryň aýdymyny diňlemeleriň sany 430% artdy

  • 11.02.2025 19:51
  • 3.9k+

Repçi Kendrik Lamaryň Superboulda – ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň çempiony ady ugrundaky final oýnunda eden çykyşy Spotify-da onuň aýdymlarynyň işjeň diňlenilmegine getirdi.

Aýratynam, “Not Like Us” aýdymy uly ösüş görkezdi, ony diňlemeleriň sany 430% ýokarlandy. Bu aýdym repçi Dreýke garşy söz atyşmadyr (“diss”). Mundan öň aýdym “Ýylyň aýdymy” we “Ýylyň ýazgysy” nominasiýalarynda “Gremmi” baýragyna mynasyp bolupdy.
Repçi 13 minutlyk çykyşynyň dowamynda täze we öňki aýdymlaryndan bölekleri ýerine ýetirdi. Onuň beýleki aýdymlary-da uly ösüş görkezdi: “Humble” – 300%, “All The Stars” – 290%, “DNA”, “Man at the Garden” we “Euphoria” – 260%. “Squabble Up” we “Peekaboo” aýdymlaryny diňlemeleriň sany 230%, “Luther” we “TV Off” bolsa – 170% artdy.
Lamar öz çykyşyny amerikan baýdagynyň reňkleri bilen bezedi. Onuň bilen bilelikde sahna SZA, Semýuel L.Jekson, Serena Uilýams we Mustard hem çykdy.
Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, Superboul MFL finalynyň tomaşaçylarynyň sany boýunça rekord goýmagyny dowam etdirýär. Şu ýyl ýaýlyma ortaça 126 mln tomaşaçy tomaşa etdi (geçen ýylky 123,4 mln bilen deňeşdirilende, 2% köp). Iň ýokary derejesinde waka birbada 135,7 mln adam tomaşa etdi.
Muňa garamazdan, Superboula 1969-njy ýylda Aýa astronawtlaryň gonuşynyň rekordyny täzelemek başartmady, onuň ýaýlymyna ABŞ-nyň 125 – 150 mln ýaşaýjysy tomaşa edipdi.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......