Toyota akkumulýatorlary ýakmazdan gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny işläp düzdi

  • 11.02.2025 19:35
  • 6.7k+

Toyota kompaniýasy elektrik ulaglary we gibridler üçin batareýalary gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýasyny döretdi. Täze usul peýdaly materiallaryň ýok edilmegini we daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak bilen, ýakmak tapgyryny aradan aýyrýar diýip, Motor1 ýazýar.

Adaty gaýtadan işleýiş usullary seýrek metallaryň ýitmegine we zyýanly zyňyndylaryň döremegine sebäp bolýar. Toyota-nyň täze usuly elektrolitleri distillasiýa arkaly çykaryp alýar, galan elementler bolsa sortlanylýar we gaýtadan öndürmek üçin iberilýär.
Kompaniýa tehnologiýany 2010-njy ýylda işläp taýýarlamaga başlady we 2023-nji ýyldan bäri bolsa kämilleşdirilen prosesi synagdan geçirýär.
Bu innowasiýa awtoulag pudagynda daşky gurşawy goramak boýunça çözgütleriň kabul edilmegini çaltlaşdyrar we kompaniýalara Ýewropanyň 2031-nji ýylda güýje girjek gaýtadan işleýiş standartlaryna laýyk gelmegine kömek eder diýlip garaşylýar. 


şu gün 14:05
2.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......