Türkmen lukmanlary dogabitdi ýürek kemisligi bolan 7 ýaşly çaga üstünlikli operasiýa etdiler

  • 11.02.2025 13:57
  • 8.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy haýyr-sahawat işlerini giň gerimde alyp barýar. Bu işleriň nobatdaky mysaly barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. 

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy bolan 7 ýaşly çaga Gülnara Rahymbaýewa Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde bejergide boldy. Dogabitdi ýürek kemisligi, garynjykara germewiniň deffekti kesel kesgitlemesi bar bolan ýaş çaga bu ýerde ýerli lukmanlarymyz tarapyndan kardiohirurgik operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Operatiw bejergiden soň çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly.
Şeýle hem şu günler Aşgabat şäheriniň dikeldiş bejergilere mätäç körpeje ýaşaýjylarynyň ikinji tapgyry Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergide bolup, öz okuw sapaklaryny dowam etmek şerti bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergilerini alýarlar.
Netijeli dikeldiş bejergilerini alýan çagalara Lukman Arkadagymyzyň lukmançylykdaky halypa maslahaty we teklipleri boýunça Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde adaty dikeldiş bejergileri bilen bir hatarda, tebigy dikeldiş bejergisi bolan ippoterapiýa bejergileri hem üstünlikli amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde köplenç tebigy şertler ulanylýar. Olara suw bejergisi bolan balneoterapiýa, çäge bilen bejergi – psammoterapiýa, läbik bilen bejergi – pelloidoterapiýa, Gün şöhlesi bilen bejergi – gelioterapiýa we şular ýaly başga-da ençeme tebigy häsiýetli bejergiler degişlidir. Ippoterepiýa – bedewiň tebigy güýjüni ulanmak arkaly bejergidir.
Bu bejergi ýürek-gan damar ulgamynyň, daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, nerw ulgamynyň kesellerini bejermekde peýdasyny görkezýär. Bedewiň bedeniniň gyzgynynyň adamyň bedeniniň gyzgynyndan ýokary bolmagy, onuň güýçli biogurşawy adamyň bedenine biomehaniki täsir etmek arkaly ýakymly tebigy ýylylyk berýär, şeýle hem ruhlandyryjy täsirini ýetirýär. Çaga bolsa bu bejergä işjeň girişip, ony adaty oýun hökmünde kabul etmek bilen bejeriji täsirler arkaly ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Netijede, dartgynlylyk, gaharjaňlyk, gorky ýaly duýgular aradan aýrylýar.
Türkmen bedewi bilen didarlaşmak, ony iýmitlendirmek, oňa ideg we gözegçilik etmek, onuň bilen dürli oýunlara meşgullanmak düzüminde uly bejeriş häsiýetli mazmuny jemleýär. Gippokratyň döwründen mälim bolan bu usul nerw dartgynlylygynda, aşa ýadawlykda, merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde dikeldiş bejergisi hökmünde peýdalydyr. Bu bejergi çagada özüne we bejergä bolan ynamy berkidýär, edermenligi, asyllylygy, yhlaslylygy terbiýeleýär, milli mirasymyza hormat goýmak häsiýetini kemala getirýär.


düýn 23:10
493

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....