Samsung şu ýyl 11 sany smartfony we 2 planşeti üçin iň soňky OS täzelenmelerini çykarar

  • 10.02.2025 22:48
  • 3.7k+

Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda birnäçe meşhur modellerini hem goşmak bilen, birnäçe enjamlary üçin Android 15 we One UI 7 çykarjakdygyny mälim etdi. Bu enjamlar üçin iň soňky täzelenme bolar, şondan soň olar azyndan bir ýyllap howpsuzlyk täzelenmelerini almagy dowam etdirer.

Gürrüň aşakdaky smartfonlar we planşetler barada gidýär:

  • Galaxy S21, S21 + we S21 Ultra
  • Galaxy Z Fold 3 we Z Flip 3
  • Galaxy A14 we A14 5G
  • Galaxy M33, M14 we M14 5G
  • Galaxy F14
  • Galaxy Tab S6 Lite (2022)
  • Galaxy Tab Active 4 Pro

Täzelenme animasiýalary has akgynly eder, kameranyň interfeýsini gowulandyrar we programmalaryň wertikal bloguny ornaşdyrar. Blokirowka ekranynda peýdaly maglumatlary görkezýän Now Bar hem peýda bolar.
Habarlar merkezi bölüner, täzeden işlenip düzülen we öňküden gowy sazlanýan çalt sazlamalar paneli, şeýle hem batareýany dolandyrmagyň täze opsiýalary ornaşdyrylar.
Şeýle hem, Samsung Galaxy AI toplumynyň AI mümkinçiliklerini giňeltdi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...