“Formula-1: Ýaşamak üçin sürmek” serialynyň ýedinji möwsümi martda çykar

  • 10.02.2025 22:33
  • 1.4k+

Meşhur “Formula-1: Ýaşamak üçin sürmek” (Формулы-1: Гонять, чтобы выжить) dokumental serialynyň ýedinji möwsümi tomaşaçylara 7-nji martda elýeterli bolar. Bu barada “patyşalyk ýaryşlarynyň” metbugat gullugy habar berýär.

Bu serial janköýerlere diňe bir möwsümiň birinji ýaryşyndan soňkusyna çenli titul ugrundaky göreşi yzarlamaga däl, eýsem öz halaýan türgenleriniň şahsy durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, olar “Formula-1-i” asyl bolşy ýaly tanatmak üçin zähmet çekýän toparlaryň we adamlaryň içinde bolup geçýän zatlary görüp bilýär.
Taslama 2019-njy ýylda başlady we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna eýe boldy. Her möwsüm 10 bölümden ybarat bolup, olar çempionatyň wakalaryny jikme-jik beýan edýär.
Serialyň öňki, altynjy möwsümi 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykdy. Täze möwsüm ozaldan gelýän däbi dowam etdirip, tomaşaçylara “Formula-1-iň” gatnaşyjylarynyň we toparlarynyň perde aňyrsyndaky durmuşyny görkezer.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....