Taýwan 2029-njy ýyla çenli “emeli aň adasyna” öwrülmek isleýär

  • 10.02.2025 16:17
  • 4.8k+

Taýwan 2029-njy ýyla çenli emeli aň pudagynda dünýä lideri bolmagy maksat edinýär. Häkimiýetler “Garaşsyz emeli aň” maksatnamasynyň çäklerinde döwlet we hususy pudaklarda ýurduň hasaplaýyş kuwwatyny 1 200 petaflopsa çenli artdyrmak isleýär diýip, TASS habar berýär.

Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda ýurduň superkompýuterleriniň umumy kuwwaty 103 petaflops töweregi bolup, şolardan 19 petaflops döwlet hasaplaýyş ulgamynyň paýyna düşýär.
Taipes Times neşiriniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Taýwan bu görkeziji boýunça dünýä reýtinginde 11-nji orny eýeledi (ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Şweýsariýa, Germaniýa, Finlýandiýa, HHR, Fransiýa, Ispaniýa we Günorta Koreýa ýurtlaryndan soň). 2025-nji ýylyň başynda Taýwanyň Milli ylym we tehnologiýa geňeşi bu ýagdaýy üýtgetmek kararyna geldi we hasaplaýyş kuwwatyny ep-esli artdyrmak meýilnamalaryny yglan etdi. EA tehnologiýaly täze superkompýuter 2025-nji ýylyň maý aýynda işläp başlar.
Ýylyň ahyryna çenli Taýwanda maglumatlary işlemegiň bulut merkezi açylar, 2029-njy ýyla çenli bolsa Taýnan şäherinde EA maglumatlaryny işlemek üçin iň uly hasaplaýyş merkezi gurlar.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

30.05.2026 13:39
1.6k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

26.02.2026 09:36
2.2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.9k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...