Näme üçin nauşnikleriň biri beýlekisinden çalt zarýadyny ýitirýär: ylmy düşündiriş

  • 09.02.2025 16:22
  • 8.8k+

Ostiniň Tehas uniwersitetiniň alymlary nauşnikleriň bir taýynyň akkumulýatorynyň beýlekisinden çalt zarýadyny ýitirmeginiň sebäbini öwrenip, gyzykly netijä geldiler.

Hünärmenler simsiz nauşniklerde akkumulýatoryň zaýalanmak meselesini öwrenmek üçin rentgen we infragyzyl şöhleleleri ulandy. Netijede, batareýanyň hyzmat ediş möhletine onuň nauşnigiň beýleki düzüm bölekleri – Bluetooth antennasy we mikrofonlar bilen özara gatnaşygynyň täsir edýändigi anyklandy. Olar gurluşyň içinde temperatura tapawudyny döredýär we bu hem akkumulýatora ýaramaz täsir edýär.

“Bu meniň öz nauşniklerimden başlandy. Men diňe sag taýyny ulanýardym, iki ýyldan soň çep nauşnikdäki batareýanyň zarýady has uzak saklaýandygyna üns berdim” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, professor Ýijin Lýu belleýär.

Şeýle-de hünärmenler, bu meselede daşky gurşawyň täsiriniň hem bardygyny belledi. Batareýalar kyn howa şertlerine garşy durar ýaly derejede işlenip taýýarlansa-da, temperaturanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi we howanyň hili-de barybir öz täsirini ýetirýär.

“Gurluşyň ulanylmagy batareýanyň işleýşine dürlüçe täsir edýär. Mysal üçin, käbir adamlar olara dürli hili zarýad berip bilýär, beýlekiler dürli temperatura şertlerinde ulanyp bilýär” – diýip, gözlegiň baş awtory Guannan Sýan belledi. 

Şeýlelik-de, nauşnikler deň derejede zarýad almasa, deň derejeli ulanylmasa hem-de nauşnigiň mikrofony işjeň ulanylsa, olaryň biri beýlekisinden zarýadyny çalt ýitirip biler.
Deň derejeli zarýad almazlyga futlýaryň içinde ýygnanýan hapa-da täsir edýär: ol aragatnaşyk meýdanlaryny petikläp, bir nauşnigiň doly zarýad almagyna päsgel berip biler. Bir nauşnikde köp gürleşmek hem ony beýlekisinden zalt zarýadsyzlandyrar. Şeýle-de, nauşnikleriň ikisi hem dakylgy bolsa-da, mikrofon ilkinji bolup birigen nauşnikde ulanylýar. Netijede, ýygy-ýygydan jaň edilende we ses kömekçisi işjeň ulanylanda, nauşnigiň bir taýy zarýadyny çalt ýitirýär.
Şeýle-de, ähli TWS nauşniklerinde diýen ýaly bir nauşnik gönüden-göni telefon bilen baglanyşýar, beýlekisi bolsa birinjiden signal kabul edýär. Şol sebäpli nauşnikleriň birine uly agram düşýär we ol çalt zarýadsyzlanýar.
Gözleg topary indi dürli şertleriň smartfonlardaky, noutbuklardaky we elektromobillerdäki akkumulýatorlara nähili täsir edýändigini öwrenmegi meýilleşdirýär. 


düýn 11:37
4.2k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.1k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.7k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......