Alymlar ilkinji gezek Jonsonyň melanosetini deňziň ýüzüne ýakyn ýerde wideo düşürdiler

  • 09.02.2025 14:45
  • 10k+

Biolog-gözlegçiler ilkinji gezek Atlantik ummanynyň Tenerife adasynyň kenaryndan iki kilometr uzaklykda, suwuň ýüzüne ýakyn ýerde uly ýaşly Jonsonyň melanosetini (latynça Melanocetus johnsonii) ýazga aldylar. Bu ýazgylar «Condrik Tenerife» ekologiýa guramasynyň Instagram sahypasynda paýlaşyldy.

Bu seýrek hadysa deňiz biologlary Laýýa Walor, Mark Martin we Antonio Sabuko hem-de deňziň ýabany tebigatynyň suratçysy Dewid Haroý dagylar gabat geldiler. Olar häzirki wagta çenli melanosetleriň diňe liçinkalaryny ýa-da ölenlerini suwuň ýüzüne ýakyn ýerde görendiklerini aýtdylar.

«Onuň suwuň ýüzüne şeýle ýakyn gelmeginiň sebäbi düşnüksiz. Munuň kesel, howanyň ýokaryk urmagy ýa-da awçylardan gaçmak bilen baglanyşykly bolmagy mümkin» diýip, alymlar pikir edýärler.

Ahyrynda balyk öldi. Biologlar ony Santa-Krus-de-Tenerifedäki Tebigat we arheologiýa muzeýine tabşyrdylar.
Gorkunç görnüşleri sebäpli «deňiz şeýtany» diýip atlandyrylýan melanosetler adatça 200-2000 metre çenli çuňlukda ýaşaýarlar. Bu awçy balyk başyndaky illisiýanyň ujunda ýerleşýän we bakteriýalar arkaly ýagtylyk saçýan fotoforlary duzak hökmünde ulanýar. Ol şol duzagy arkaly özünden kiçi, kämahal bolsa has uly balyklary özüne çekýär we ýuwudýar.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....