The Guardian: UEFA Çempionlar ligasynda goşmaça taýmlaryň ýatyrylmagyny maslahatlaşýar

  • 08.02.2025 13:10
  • 8.6k+

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda goşmaça wagtyň ýatyrylmagyny ara alyp maslahatlaşýar.

The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, esasy wagtdan soň (iki duşuşygyň jemi boýunça deňme-deň bolan halatynda) göni 11 metrlik jerime urgusyna geçmek meselesine seredilýär. Şeýle-de bolsa, 2027-nji ýyla çenli dowam etjek häzirki teleýaýlym sikliniň ortasynda üýtgeşme boljagy gaty gümana.
Futbolçylaryň käbir kärdeşler arkalaşyklary onsuzam ýüki ýetik senenama düşýän agramy ýeňilleşdirjekdigini öňe sürüp, goşmaça wagtyň ýatyrylmagy üçin köp tagalla edýärler. Pleý-off-yň jogap oýunlarynda goşmaça 30 minudy aýyrmak ýükli senenama bilen baglanyşykly käbir kynçylyklary ýeňilleşdirip biler.
UEFA bu mesele barada düşündiriş berip, häzirki wagtda çekişmeleriň resmi däldigini we entek resmi teklipleriň ýokdugyny aýtdy. Islendik üýtgeşme UEFA-nyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanmalydyr.
Iň soňky gezek Ýewropa kubogynyň düzgünlerine uly üýtgeşmeler 2021-nji ýylda, myhmançylykdaky gol ulgamy ýatyrylanda girizilipdi.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......