FourFourTwo: Messi taryhda iň gowy oýunçy, Ronaldu – dördünji

  • 08.02.2025 02:16
  • 17k+

Britaniýanyň belli FourFourTwo neşiri taryhda iň gowy 100 futbolçynyň reýtingini hödürledi.

Sanawyň başynda argentinaly hüjümçi Lionel Messi ýerleşdi. Reýtingde onuň bilen portugaliýaly Kriştianu Ronaldunyň arasynda iki rowaýaty futbolçy – braziliýaly Pele we ýene bir argentinaly Diego Maradona ýerleşýär.
Belläp geçsek, reýtingiň üç öňdebaryjysy diňe bir klub derejesinde üstünlik gazanman, eýsem milli ýygyndylaryny dünýä çempionatlarynda ýeňşe getirdi. Ähtimal, bu reýtingi düzüjiler üçin esasy görkeziji bolsa gerek.
Ronaldudan başga-da, ilkinji bäşlige meşhur niderlandly hüjümçi Ýohan Kroýf girdi.
Taryhda iň gowy oýunçylaryň ilkinji onlugy:

  1. Lionel Messi (Argentina)
  2. Pele (Braziliýa)
  3. Diego Maradona (Argentina)
  4. Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa)
  5. Ýohan Kroýf (Niderlandlar)
  6. Ronaldo (Braziliýa)
  7. Zinedin Zidan (Fransiýa)
  8. Frans Bekkenbauer (Germaniýa)
  9. Alfredo Di Stefano (Ispaniýa)
  10. Marko wan Basten (Niderlandlar).

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......