110 ýyllyk motosikl rekord baha – 1,32 million dollara satyldy

  • 06.02.2025 23:55
  • 8.1k+

1915-nji ýylda öndürilen «Cyclone» kysymly motosikl Las-Wegasdaky «Mecum» auksionyna çykdy. Bu gymmatbahaly motosikli 1,32 million dollara satyn aldylar. Autoevolution neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu motosikl açyk auksionda eýesini çalşan iň gymmat motosikl boldy.

Motosikliň beýle ýokary bahadan satylmagynyň esasy sebäbi – onuň örän seýrek duş gelýän model bolmagy we markanyň uly abraýa eýe bolmagydyr.
«Cyclone» – 1912-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli, ýagny bary-ýogy bäş ýyl hereket eden amerikan motosikl brendidir. Bu motosiklleri «Joerns Motor» kompaniýasy öndürýärdi. Ýöne bu kompaniýa bäsdeşlerine ýeňildi, sebäbi olar has amatly bahaly modelleri hödürleýärdiler. 1917-nji ýylda «Cyclone» taslamasyny şol döwürde meşhur bolan «Excelsior Motor» kompaniýasy satyn aldy.
Şeýle-de bolsa, gysga wagtyň dowamynda «Cyclone» motosiklleri tizligi we durnuklylygy bilen tanalyp, XX asyryň başlarynda meşhur bolan ýaryşlar üçin giňden ulanyldy. Motosikliň ýokary tizligi esasan hem onuň innowasion V-Twin görnüşli hereketlendirijisi bilen baglanşyklydy. 1,0 litrlik hereketlendiriji 1910-njy ýyllar üçin örän täsin görkeziji bolan 45 at güýjüni öndürýärdi. Netijede, motosikl 160 km/s-den ýokary tizlige ýetip bilýärdi. «Cyclone» 1914-nji ýylda ABŞ-da rekord goýdy – motosikl bir mil (1,6 km) aralygy bary-ýogy 35 sekuntda geçdi.
Çeşmeler dürli sanlary berýärler, ýöne umuman alanyňda takmynan 300 sany öndürilen «Cyclone» motosikllerinden diňe 6-14 sanysy häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Rekord baha satylan motosikl, ABŞ-da köne motosiklleriň taryhy boýunça ýöriteleşen belli tehnik Stiwen Raýt tarapyndan doly dikeldilipdir.

şu gün 18:36
772

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
2.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......