Täze çykan Suzuki Jimny Nomade üçin nobat 3,5 ýyla uzaldy: deslapky sargytlar togtadyldy

  • 06.02.2025 11:34
  • 5k+

Suzuki kompaniýasy Ýaponiýada bäş gapyly Jimny Nomade wnedorožniginiň täze wersiýasy üçin sargytlary wagtlaýynça togtatmaly boldy. Bu model müşderilerde adatdan daşary tolgunyşyk döretdi. Dört günde 50 müň sargyt alyndy, önümçilik bolsa aýda 1200 awtoulag bilen çäklenýär.

Şol sebäpli garaşmagyň möhleti 3,5 ýyla çenli ýokarlandy diýip, Carscoops belleýär.
Täze uzaldylan wersiýa öň diňe Hindistanda bardy. Bu model ýapon bazaryna üç gapyly adaty wersiýa alternatiwa hökmünde çykarylýar.
Täze Jimny Nomade-iň uzynlygy 3890 mm, bu Sierra görnüşinden 340 mm uzyn. Esasy üýtgeşiklik teker bazasy (2590 mm) bilen baglanyşykly. Mundan başga-da, awtoulag goşmaça gapylary aldy we salony ikinji hatardaky ýolagçylar üçin has giňeldi.

Şol bir wagtyň özünde, 210 mm-lik klirensi we kötele çykyş/eňňide iniş burçlary (36 ° we 47 °) ýaly wnedorožnige häsiýetli aýratynlyklary üýtgewsiz galdy.
Kapotyň aşagynda elde ýa-da awtomatiki geçiriş bilen işleýän, 103 at güýji bolan 1,5 litrlik hereketlendiriji bar.
Başlangyç bahasy 17,200 dollar, bu üç gapyly wersiýasyndan 3,700 dollar gymmat.
Suzuki sargytlaryň togtadylandygy üçin müşderilerden ötünç sorady we  satuwlaryň gaýtadan başlan wagty habar berjekdigini aýtdy.
Jimny Nomade Hindistanyň Gurgaondaky Suzuki zawodynda öndürilýär we Ýaponiýanyň daşyna - Günorta-Gündogar Aziýa, Günorta Afrika, Latyn Amerikasyna we Ýakyn Gündogara eksport edilýär.

şu gün 18:36
772

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
2.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......