Samsung Galaxy S25 üçin eýýäm 1,31 million deslapky sargyt resmileşdirildi

  • 06.02.2025 11:20
  • 4.3k+

Täze Samsung Galaxy S25 smartfonlarynyň hatary Günorta Koreýada deslapky sargytlar boýunça rekordy täzeledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze flagmanlar öňki Galaxy S24 hatarynyň görkezijilerinden 7,4% ýokary boldy diýip, Sammobile habar berýär.

Deslapky sargytlaryň edilýän döwründe Galaxy S25 enjamyny satyn almak üçin 1,31 million sargyt resmileşdirildi. Iň islegli model sargytlaryň 52% -ini emele getirýän Galaxy S25 Ultra boldy. Hatarda iň meşhur ikinji smartfon esasy Galaxy S25 (26%) boldy we alyjylaryň 22%-i Galaxy S25 Plus-y saýlady.
Täze smartfonlaryň tanyşdyrylyş dabarasy 22-nji ýanwarda geçirildi.
Bütin dünýäde satuwlar 7-nji fewral, anna güni başlar.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....