“90 minut “Bernabeuda” – bu diýseň uzak”: “Realyň” üçünji eşik toplumy nähili bolar?

  • 06.02.2025 09:57
  • 5k+

Madridiň “Realynyň” indiki möwsümde ätiýaçdaky egin-eşik toplumy gök reňkli bolar diýip, Footy Headlines habar berýär. Toplumyň dizaýny adidas kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy we “Santýago Bernabeu” stadionyndan ylham aldy.

Matanyň reňki arenadaky oturgyçlaryň reňkini, köýnekçedäki nagyş bolsa olaryň konturyny gaýtalaýar.
Köýnekçäniň döşünde üç ýaprak görnüşinde adidas-yň logotipi ýerleşdiriler. Köýnekçäniň içine bolsa klubuň öňki oýunçysy Huanitonyň sözleri ýazylar: “90 minut “Bernabeuda” – bu örän uzak”.
Bu “Realyň” 2025/26 möwsüminde üçünji eşik toplumy bolar we oýunlarda alternatiw wariant hökmünde ulanylar.


25.05.2026 23:07
7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

25.05.2026 20:46
4.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
5.1k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....