Mercedes-AMG özüniň iň kuwwatly dört gapyly sportkaryny hödürledi

  • 06.02.2025 09:53
  • 3.6k+

Mercedes-AMG kompaniýasy brendiň iň kuwwatly dört gapyly awtomobili bolan GT 63 S E Performance gibrid kupesini hödürledi.

Awtoulag 831 at güýjüni berýän birikdirilýän gibrid güýç enjamy bilen üpjün edildi. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 2,8 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik bolsa 317 km/sag ýetýär.
Model iki turbinaly 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini we yzky okda elektrik hereketlendirijisini aldy. Sekiz basgançakly awtomatik guty iki basgançakly elektrik hereketlendirijisiniň gutusy bilen işleýär. Herekete getiriji – doly.
6,1 kWt/sag litiý-ion batareýasy elektrik çekiş güýjünde 11 km çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär, ýöne onuň esasy wezipesi – bada-bat güýç bermek.
Sportkar Electric, Sport, Sport+ we Race ýaly ýedi hereket režimini hödürleýär. Asgyç (podweska) – adaptiw amortizatorlar bilen pnewmatik, tormoz – karbon-keramiki.
ABŞ-da satuw 2025-nji ýylda başlar, ýöne modeliň bahasy heniz belli däl.


20.06.2026 12:20
4.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....