Ford «Raptor» subbrendiniň ady bilen ýolsuz ýerler üçin täze ulagyny çykarmagy meýilleşdirýär

  • 05.02.2025 15:54
  • 3.9k+

Ford kompaniýasy «Raptor» subbrendiniň adyndan ýolsuz ýerler üçin niýetlenen täze «aýratyn» super off-road awtoulagy döretmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň baş müdiri Jim Farli täze modeli bar bolan pikaplaryň ýa-da beýleki off-road awtoulaglaryň ýöriteleşdirilen görnüşi hökmünde däl-de, düýbünden başgaça edip döretmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy diýip, Top Gear neşiri habar berýär.

Jim Farliniň pikirine görä, «Raptor» seriýasyna degişli awtoulaglaryň meşhurlygynyň artmagy bilen, ýolsuz ýerlerde ýokary tizlikde sürmäge niýetlenen aýratyn modeli döretmek baradaky pikiriň döremegi logiki netijedir. Häzirki wagtda Ford kompaniýasy bu subbrendiň adyndan F-150 we Ranger pikaplarynyň, şeýle-de Bronco off-road awtoulagynyň ekstremal görnüşlerini öndürýär.
«Aýratyn» super off-road awtoulagyň döredilmegi, Ford kompaniýasynyň awtosport bilen baglanyşyklarynyň has-da berkidilmegine mümkinçilik berer.
«Ford Performance» bölüminiň ýolbaşçysy Mark Raşbruk, «Raptor» subbrendiniň uly ösüş mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Munuň subutnamasy hökmünde, Ford kompaniýasynyň Dakar ralli-reýdi üçin ýörite döreden Raptor T1+ modelini görkezmek bolar.
Ford Raptor T1+ awtoulagynyň uzynlygy 4574 millimetr bolup, onuň teker bazasynyň aralygy üç metrdir. Awtoulag polat skelet (prostransion) gurluşa esaslanýar, onuň korpus panelleri uglerod (karbon) materialdan ýasalan we asma ulgamy bolsa goşa keseligine berkidilen golçalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de ulag 5 litrlik V8 hereketlendiriji, sekwensial karobka we doly hereketlendirijili ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....