Üç eplenýän Huawei Mate XT dünýä bazaryna çykar

  • 05.02.2025 15:39
  • 3.2k+

Üç eplenýän Huawei Mate XT tiz wagtdan halkara bazarlarda elýeterli bolar. Öň diňe Hytaýda satylan bu enjamyň, BAE-de alnan sertifikasiýanyň netijesinde beýleki ýurtlarda hem çykaryljakdygy tassyklanyldy diýip, Gizmochina habar berýär.

Bu smartfon TDRA-nyň maglumatlar binýadynda GRL-LX9 model belgisi bilen hasaba alyndy, bu bolsa ony halkara bazarlara çykarmak boýunça taýýarlyklaryň görülýändigini görkezýär. Myş-myşlara görä, täze modeliň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykarylmagy ähtimal.
Huawei Mate XT eplenen wagty 6,4 dýuýmlyk ekrana eýe bolup, doly açylanda bolsa 10,2 dýuýma çenli giňelýär. Ol 120 Gz täzeleniş ýygylygy bolan OLED LTPO displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. Telefonyň 5600 mAh göwrümli batareýasy 66 Wt kuwwatly çalt zarýad alşy goldaýar.
Bu enjam Kirin 9010 prosessorynda işleýär we 16 GB operatiw ýat (RAM) hem-de 1 TB ýat bilen hödürlenýär. Esasy kamerasy bolsa 50 megapiksel çözgütde surata düşürýär.


31.12.2025 08:10
3.4k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...