Gyşky transfer penjiresiniň netijeleri: esasy transferler we rekord derejeli şertnamalar

  • 05.02.2025 13:59
  • 9.3k+

4-nji fewrala geçilýän gije Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda gyşky transfer penjiresi ýapyldy. Klublar ýüzlerçe million ýewro sarp etdi, şeýle-de bolsa hemme topar uly şertnama baglaşmady.

Bu aralykda uly işjeňligi “Mançester Siti” görkezdi. Uzak wagtlyk üstünliklerden soň, Hosep Gwardiolanyň topary agsap başlady, ol Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna kynlyk bilen çykdy. Angliýanyň çempionatynda topar 24 oýundan soň 41 utuk bilen bäşinji orny eýeleýär. Klub yzygiderli ýeňlişlere sezewar bolýar we düzümi üýtgetmek bilen, ýagdaýy düzetmäge çalyşýar.
“Siti” iki merkezi goragçyny – Witor Reýsi (“Portudan” 37 mln ýewro) we Abdukodir Husanowy (“Lansdan” 40 mln ýewro), şeýle-de iki ýarymgoragçyny Omar Marmuşy (“Aýntrahtdan” 75 mln ýewro) we Niko Gonsalesi (“Portudan” 60 mln ýewro) satyn aldy.
“ManSiti” jemi 212 mln ýewro sarp etdi – bu gyşky transfer penjireleriniň taryhynda ikinji görkezijidir. Gyşda ondan köp mukdary diňe “Çelsi” sarp edipdi (2023-nji ýylda 330 mln ýewro).
Şol bir wagtyň özünde, bu gyşyň iň gymmat transferi “Aston Willanyň” hüjümçisi Jon Duranyň saud “Al-Nasryna” geçmegi boldy. 21 ýaşly kolumbiýaly üçin Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän kluby 77 mln ýewro töledi.
Üstünlikli şertnama “AstonWilla” toparyna birbada birnäçe meşhur oýunçy bilen güýçlenmäge mümkinçilik berdi: topara Markus Reşford (“MÝ”), Doniell Malen (Dortmundyň “Borussiýasy”), Marko Asensio (“PSŽ”), Erik Garsiýa (“Lewante”) we Aksel Disasi (“Çelsi”) goşuldy.
Ýeri gelende bellesek, “Çelsi” hem birnäçe şertnama baglaşdy, ýöne satyn almagyň deregine, birnäçe oýunçysyny kärendesine iberdi: Žoau Feliks “Milana”, Karni Çukwuemeka Dortmundyň “Borussiýasyna”, Ben Çiluell “Kristal Pelasa” geçdi. Topary hemişelik esasda Renatu Weýga (“Ýuwentus”) we Çezare Kazadei (“Torino”) terk etdi.
“Mançester Ýunaýted” diňe ýarymgoragçy Patrik Dorgu (“Leççe”) we goragçy Eýden Hewen (“Arsenal”) bilen şertnama baglaşmak bilen çäklendi.  
Portugaliýanyň “Portu” kluby örän bähbitli şertnamalary baglaşdy. “ManSitä” geçen Niko Gonsalesden başga-da, “Portu” braziliýaly Galenony “Al-Ahli” saud toparyna 50 mln ýewro satyp, iki oýunçydan 110 mln ýewro gazandy.
Şeýle-de bolsa, gyşyň iň esasy transferi gruziýaly Hwiça Kwarasheliniň “Napoliden” “PSŽ-ä” geçmegi bolsa gerek. Parižliler onuň üçin 70 mln ýewro töledi, şondan soň niderlandly ýarymgoragçy Hawi Simonsy 50 mln ýewro “RB Leýpsige” iberdi. Oýunçy öňem bu toparda 2023-nji ýylyň tomsundan bäri kärendesine çykyş edýärdi.
Şeýle-de, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Alwaro Moratanyň “Milandan” “Galatasaraý” türk klubuna geçendigini bellemek gerek. Hüjümçi 2026-njy ýylyň ýanwaryna çenli ol ýerde kärendesine çykyş eder. Ýewropa çempionynyň deregine “Milan” täze oýunçysyna – meksikaly hüjümçi Santýago Himenese bil baglaýar, ony 32 mln ýewro “Feýenoorddan” satyn aldy.  


düýn 13:18
5.6k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......

düýn 10:58
2.4k+

«Tottenhem» bir ýylyň içinde eýýäm üçünji tälimçisini işden boşatdy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby baş tälimçi Igor Tudoryň wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu baradaky habar klubuň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda çap edildi....

düýn 09:39
4.4k+

Insaýder: Ýurgen Klopp tomusda «Real Madride» ýolbaşçylyk eder

Germaniýaly tälimçi Ýurgen Klopp şu möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» toparyna ýolbaşçylyk edip biler. Bu barada fransiýaly žurnalist Fransua Galýardo habar berýär....

29.03.2026 15:26
2.9k+

AFK 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň bije çekişlik dabarasyny yza süýşürdi

Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň bije çekişlik dabarasyny näbelli möhlete geçirdi. Aslynda bu çäre 2026-njy ýylyň 11-nji......