Las-Wegasda Microsoft Excel boýunça dünýä çempionaty geçirildi

  • 05.02.2025 13:29
  • 4.6k+

Las-Wegasda Microsoft Excel boýunca dünýä çempionaty geçirildi. Adatça eSport ýaryşlarynyň geçirilýän meýdançasynda gatnaşyjylar elektron tablisalaryny ulanyp, çylşyrymly meseleleri çözmek ugrunda bäsleşdiler diýip, Odelax habar berýär.

Çäre hakyky sport şüweleňi ýaly gurnaldy. Gatnaşyjylar yşyklardan ýaňa lowurdaýan tuneliň içi bilen geçip, zala girdiler, olaryň hereketleri tomaşaçylar üçin göni ýaýlymda teswir edildi.
Bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden gelen bilermenler gatnaşdy. Bäsleşigiň guramaçysy Endrýu Grigolýunowiç bu formaty doly hukukly eSport hökmünde ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Ýaryşyň finaly World of Warcraft onlaýn oýun stilinde geçirildi. Gatnaşyjylar 20 awataryň görkezijilerini yzarlamak üçin çylşyrymly formulalary işläp düzmeli boldular. Bu işi ýerine ýetirmek üçin olara ýedi sahypalyk gözükdirme kitapçasy berildi.
Bäsleşik 40 minut dowam etdi we ahyrynda 30 ýaşly iňlis maliýe geňeşçisi Maýkl Jarman ýeňiş gazandy. Ol Excel-i ýokary dereje bilýändigini we ýokary derejedäki seljeriş ukyplaryny görkezdi.


şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......