Seýrek Mercedes-Benz W196 Streamliner ýaryş awtoulagy auksionda €51 milliona satyldy

  • 04.02.2025 15:11
  • 5k+

«RM Sotheby’s» auksion jaýynda seýrek Mercedes-Benz W196 Streamliner ýaryş awtoulagy 51 million ýewrodan gowrak baha satyldy. Bu ulag 1950-nji ýyllaryň ortalarynda sürüjileriň dünýä çempionatynda ýaryşa gatnaşyp, soň muzeýlerde saklanypdy.

Awtoulagyň dizaýny Rudi Ulenhauta degişli bolup, ol 1954-nji ýylda FIA-nyň düzgünlerine laýyklykda döredilipdi. Bu modelden bary-ýogy 14 sanysy öndürildi: olardan 10-sy açyk tekerli, 4-si bolsa aerodinamiki akymly kuzowly görnüşde çykarylypdy. 1955-nji ýylyň möwsümi tamamlanandan soň, Mercedes-Benz ýaryşlardan uzak wagt çekildi. Auksionda satylan model häzirki wagta çenli saklanyp galan 10 nusganyň biridir.
Şassi belgisi 00009/54 bolan awtoulag ilkibaşda açyk görnüşdedi. Huan Manuel Fanhio bu ulag bilen Buenos-Aýres Gran-prisinde ýeňiş gazanypdy.
Soňra Stirling Mossuň talap etmegi bilen bu model Monzadaky ýaryş üçin Streamliner görnüşine geçirildi. Şol ýaryşda britaniýaly sürüji awtoulagy ýaryşdan çykarmaly bolupdy.
1965-nji ýyldan bäri ulag Indianapolis Motor Speedway muzeýinde saklanypdy. Ol iki gezek boýaldy, emma täzeden ýaryşda ulanylmady. Indi bolsa ol täze eýesini tapdy we auksionda satylan iň gymmat Mercedes-Benz modelleriniň biri boldy.


20.06.2026 12:20
4.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....