Rolls-Royce Spectre elektrokupesi altyn bilen bezeldi

  • 04.02.2025 14:56
  • 10k+

Özboluşly týuningleri bilen tanalýan Mansory nemes ussahanasy hakyky altyn bilen bezelen Rolls-Royce Spectre elektrokupesini hödürledi. «Equista Linea d'Oro» diýlip atlandyrylan bu model täze Atelier maksatnamasynyň çäginde taýýarlanyldy.

Mansory ussahanasy «Linea d'Oro» (Altyn çyzyk) adyny 2010-njy ýyldan bäri ulanyp gelýär. Ol bu ady ilkinji gezek uglerod süýümleri we altyn bilen bezelen Bugatti Veyron giperkary üçin ulanypdy. Ussahana geçen ýazda bu stili Rolls-Royce Cullinan ulagy üçin ulandy. Indi bolsa týunerler, britan brendiniň ilkinji elektrikli awtoulagyny hem şol prinsip esasynda taýýarladylar.
Bezeg konsepsiýasy edil öňküsi ýaly galdy: kuzowdaky ähli hrom we kümüş öwüşginli elementler altyn bilen çalşyldy. Bu reňk radiatoryň gözeneginde, «Spirit of Ecstasy» (Ekstazynyň ruhy) emblemasynda, äpet tekerlerde, penjire çarçuwalarynda, bosaga örtüklerinde we gapy tutawaçlarynda ulanyldy. Şeýle-de, uglerod bölejikleriň üsti hem hakyky 24 karat altyn bilen örtüldi.
Salony altyn öwüşgünli ak deri bilen örtüldi. Öňki panelde, merkezi konsolda, hatda pedal we sürüjiniň aýak goýujysynda hem hakyky altyn ulanyldy. «Mansory Linea d'Oro» ýazgysy oturgyçlaryň başlarynda we merkezi konsolda ýerleşdirildi. Dizaýna laýyk gelýän ýörite taýýarlanan halyçalar hem bu topluma girýär.
Ulagyň tehniki ýagdaýynda hiç hili üýtgeşme bolmady. Rolls-Royce Spectre 585 at güýjünde işleýän elektrikli hereketlendirijisini saklaýar. Onuň doly zarýady bilen (WLTP standartlaryna görä) 520 kilometr ýol geçmäge ukyplydygy aýdylýar.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...