Jeep 2025-nji ýylyň ahyryna çenli üç sany täze modeli hödürlär

  • 04.02.2025 07:10
  • 5k+

Jeep kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli üç sany täze ulag bilen model hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Stellantis konserniniň ýakynda ABŞ-nyň Milli dilerler birleşiginiň gatnaşmagynda geçirilen konferensiýasynda mälim boldy diýip, Carscoops ýazýar.

Täze önümleriň biri Wrangler-iň ornuny tutmak üçin döredilen Recon elektrik krossoweri bolar. Rekon-yň wnedorožnigiň öňdebaryjy tehnologiýalary we doly elektrik güýç gurluşy bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Resmi taýdan ilkinji gezek  2025-nji ýylyň başynda görkezmek meýilleşdirilýär.
Käbir çeşmelere görä, Jeep Cherokee-ni ýa-da onuň mirasdüşerini Recon bilen bir platformada dikeltmegi göz öňünde tutýar. Ondan öň kompaniýa hindi halkynyň adybir wekilleriniň basgysy astynda Cherokee adyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýärdi.
Üçünji täze önüm hakda entek hiç zat belli däl.
Kompaniýa ozal 2025-nji ýylda täze Jeep Compass nesliniň ilkinji gezek çykjakdygyny bildiriş edipdi. Ykjam krossower benzin, gibrid we doly elektrik görnüşleri ýaly dürli güýç gurluşy bilen elýeterli bolar. Täze Compass elektrik çekişinde 650 kilometre çenli ýol geçip biler. 
Şeýle hem awtoulag öndürijisi Renegade kiçi krossowerini täzelemegi we gibrid güýç gurluşlaryny ulanmagy giňeltmegi meýilleşdirýär. Hususan-da, Gladiator kysymly awtoulag 4xe benzin-elektrik görnüşini almaly.
Bu täze önümler Jeep-iň elektrikleşdirilen modelleriniň gerimini giňeltmeklige meýillidigini görkezýär. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli wnedorožnikleriň ähli segmentinde doly elektrik modelini hödürlemegi meýilleşdirýär.

şu gün 18:36
772

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
2.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......