Art Machines 900 müň dollardan 60-njy ýyllaryň stilindäki Ella-60 restomodyny hödürlär

  • 04.02.2025 06:55
  • 3k+

Lykan we Fenyr giperkarlarynyň meşhur döredijisi Entoni Jannarelliniň eýeçiligindäki Art Machines şereketi 60-njy ýyllaryň stilindäki bezegli we 90-njy ýyllaryň şassisini alan Ella-60  restomodyny çykarmaga taýynlanýar.

Modelde wintaž ýaryş stili häzirki zaman tehnologiýasy bilen sazlaşýar. Awtoulagyň dizaýny, asyl we döwrebap bolup galmak bilen, geçen asyryň ortalarynyň ajaýyp modellerine salgylanýar.
Awtoulagyň şassisi alýuminden ýasalyp, 1990-njy ýyllaryň önümçilik awtoulaglarynyň birinden nusga alydy. Kapotyň aşagynda Ferrari 360-dan karz alnan bolmagy mümkin 473 at güýjüni öndürýän V8 hereketlendirijisi goýlan.

“Ella-60” üýtgeşik görnüşde hödürlener, ýagny onuň bary-ýogy 60 sanysy öndüriler.
Restomodyň başlangyç bahasy 900 000 dollar bolmak bilen, 2026-njy ýylda iberip başlamak meýilleşdirilýär.

şu gün 18:36
772

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
2.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......