Türkmen türgenleri Gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Harbine geldiler

  • 03.02.2025 18:10
  • 7k+

Türkmenistanly türgenler Hytaýda geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin, Pekiniň üsti bilen Aşgabatdan Harbine bardylar. Ýaryşlar 7-14-nji fewral aralygynda geçiriler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistandan gyşky Aziýa oýunlaryna ikinji gezek 37 adamdan, şol sanda 25 türgenden ybarat wekiliýet bardy. Olar sportuň üç görnüşi boýunça: buz üsti hokkeý, şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça ilkinji gezek çykyş ederler.
Gyşky Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine (AOG) agza ýurtlar üçin her dört ýylda bir gezek geçirilýän köp görnüşli sport çäresidir. Şunuň ýaly oýunlaryň ilkinjisi 1986-njy ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirildi. Şonda oňa 7 ýurtdan bary-ýogy 293 türgen gatnaşypdy. Olar 7 ugur: konkili ýaryş, şort-trek, lyža ýaryşy, dag lyžasy, figuralaýyn typmak, biatlon we buz üstündäki hokkeý boýunça 35 medal ugrunda bäsleşdiler.
Bu gezekki ýaryşlaryň 34 ýurtdan 1275 (755 erkek we 520 zenan) türgenleriň bir ýere jemlemegine garaşylýar, olar ýaryşyň 11 görnüşi boýunça – konkili ýaryşda, erkin usulda, şort-trekde, lyžaly ýaryşda, snoubordiňde, biatlonda, figuralaýyn typmakda, dag lyžasynda, körliňde (egrem-bugram ýol geçmekde), dag lyžasynda (şaglap gaýtmakda) we buz üsti hokkeýde 64 toplum medallar ugrunda bäsleşerler. 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapparo şäherinde geçirilen öňki ak Aziýa oýunlaryna 32 ýurtdan, şol sanda Okeaniýa ýurtlaryndan – Awstraliýa we Täze Zelandiýadan-da 1147 türgen gatnaşdy.
Gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistandan ilkinji gezek Pena Ataýew şort-trek (gysga ýol) ýaryşlarynda çykyş eder. Ol 2015-nji ýylda Phýoňçhanede (Koreýa Respublikasy) geçirilen «Arzuw programmasy» bilim maksatnamasynyň çäginde 500 metr aralyga geçirilen halkara ýaşlar synag ýaryşynyň altyn medalçysydyr. Zenanlaryň arasynda bolsa ýekelikde figuralaýyn typmakda biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň iki gezek çempiony Larisa Wahitowa we 2019-njy ýylda Ýužno-Sahalinskde geçen «Aziýanyň çagalary» atly ilkinji gyşky halkara sport oýunlaryna, şeýle hem Türkiýede geçen «Bosfor Kubogyna» we BAE-de geçen halkara ýaryşa gatnaşan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýna Ekäýewa çykyş eder.
Hokkeýçilerimiz barada aýdylanda bolsa, olar Sapporoda (Ýaponiýa) geçen mundan öňki, ýagny VIII Aziýa gyşky oýunlarynda Malaýziýanyň, Hytaýyň Makaosynyň, Indoneziýanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlaryny degişlilikde 9:2, 16:0, 12:2, 7:3 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ikinji bölümde kiçi altyn medallary gazandylar we ýaryşa gatnaşýan 18 toparyň arasynda umumylykda 11-nji orny eýelediler.
Türkmen hokkeýçileri ilkinji oýnuny 3-nji fewralda hindistanly garşydaşlary bilen oýnar. Soňra 5-nji fewralda Hytaýyň Makao şäheriniň topary we 9-njy fewralda Hytaýyň Gonkong topary bilen oýnar.
«B» we «C» toparlaryň ýeňijileri 7-nji ýerden kimiň we 8-nji ýerden kimiň çärýek finala çykjakdygyny ýüzbe-ýüz oýunda kesgitlärler. Bu toparlardaky galan toparçalar pleý-off oýunlarynda 9-njydan 14-njä çenli ýerler üçin bäsleşer.
IX gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň hokkeý topary baş tälimçi Ylýas Weliýewiň we kömekçisi Guwançmyrat Jepbarowyň ýolbaşçylygynda çykyş eder.


21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
4k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......