Internediň täze standarty – L4S tehnologiýasy işe giriziler

  • 03.02.2025 17:45
  • 4.6k+

Amerikan internet üpjünçisi Comcast kompaniýasy L4S (Low Latency, Low Loss, Scalable Throughput) atly täze tehnologiýasyny köpçülige mälim etdi. Bu tehnologiýa internet aragatnaşygynyň gijikdirme derejesini ep-esli azaldýar diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Täze internet ulgamyny ilkinji bolup Comcast-yň Xfinity abunalary ulanyp başlar. Kompaniýa bu tehnologiýanyň ýaýbaňlandyrylmagy üçin Nvidia, Meta we Valve ýaly iri amerikan kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barýar.
L4S standarty, beýleki esasy internet protokollary ýaly, Internet inženerçilik geňeşi (IETF) tarapyndan resmi taýdan tassyklandy.
L4S tehnologiýasynyň esasy tapawudy – bölekleýin gelýän maglumatlara (paketlere) ýörite bellikleriň edilmegidir. Bu ýagdaý, marşrutizatora (routere) gelýän maglumatlaryň haçan ýüklenýändigini tiz anyklamaga ýardam berýär. Netijede, internediň hereketi häzirkiwagt režiminde sazlanýar we tor has durnukly işleýär.
Adaty ulgamlarda maglumat akymy dolandyrylanda, käbir paketler ret edilýär, soň bolsa başga çäreler görülýär. Bu ýagdaý internediň gijikmegine we maglumat ýitgisine sebäp bolýar. Şeýle meseleler wideoaragatnaşykda we onlaýn oýunlarda uly kynçylyk döredýär. L4S muny düzetmek üçin paketleriň ugruny tiz we awtomatiki sazlaýar. Comcast-yň aýtmagyna görä, täze ulgam gijikdirme derejesini 78% azaldýar.
Täze tehnologiýany diňe internet üpjünçisi ornaşdyrsa, ol doly peýdaly bolmaz. Şonuň üçin Comcast-yň hyzmatdaşlary bu täze protokoly goldajakdygyny mälim etdiler. Nvidia GeForce NOW bulut oýun hyzmaty, Apple FaceTime we Vision Pro enjamy, Meta-nyň garyşyk hakykat garnituralary hem-de Valve Steam platformasyndaky köp sanly oýunlar ýakyn wagtda bu ulgama laýyk getiriler.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....