Toyota-nyň satuwy pese gaçdy, ýöne ol şonda-da bäş ýyl bäri öňdeligi saklaýar

  • 02.02.2025 11:25
  • 9k+

2024-nji ýylda Toyota kompaniýasynyň satuwy 3,7% azaldy. Kompaniýa 10,8 mln awtomobil satmagy başardy. Bu pese gaçyşa garamazdan, ol yzygider bäşinji ýyl dünýäde iň uly awtoöndüriji bolmagynda galýar diýip, Reuters agentligi ýazýar.

Esasy pese gaçyş Ýaponiýada bolup geçdi. Bu ýerde Toyota, esasanam, Daihatsu golçur kärhanasynyň önümçiliginde ýüze çykan şahadatnamalaşdyrma synaglary bilen bagly meseleler sebäpli kynçylyk çekdi.
Toyota bilen Lexus-yň satuwy 1,4% pese gaçyp, 10,2 mln awtomobil boldy.
Hytaýda kompaniýa ýerli brendler bilen güýçli baha bäsdeşliginiň netijesinde 6,9% pese gaçyşy hasaba aldy.
2024-nji ýylda benzin-elektrik gibridleri satuwyň 40,8%-ini emele getirdi, akkumulýator batareýalarynda işleýän elektromobilleriň paýy bolsa 1,4%-e deň boldy.
Awtomobil kompaniýalarynyň dünýä reýtinginde ikinji orny Volkswagen kompaniýasy eýeledi. 2024-nji ýylda kompaniýanyň satuwy 9,03 mln awtomobil boldy. Üçlügi 7,23 mln satylan awtomobil görkezijisi bilen Koreýanyň Hyundai Motor Group kompaniýasy jemleýär. 


şu gün 14:05
2.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......