Taryhda ilkinji gezek adaty smartfonyň arasynda emeli hemralar arkaly wideo jaň edildi

  • 02.02.2025 11:14
  • 5.1k+

Beýik Britaniýanyň Vodafone mobil operatory bilen AST SpaceMobile atly emeli hemra hyzmat üpjünçisi, üýtgedilmedik iki adaty smartfon ulanyp, emeli hemra arkaly wideo jaň etmegi başaryp synaglary üstünlikli geçirdiler diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Bu wideo jaňy Vodafone Group-yň baş müdiri bilen aragatnaşyk desgasynyň hyzmat edýän çäginden daşdaky Vodafone kompaniýasynyň işgäriniň arasynda bolup geçdi. Jaň ýakynda orbita çykarylan, her biri 1500 kg agramly bäş sany BlueBird AST emeli hemrasy arkaly geçirildi.
Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, wideo jaň birneme düşnüksiz boldy, ýöne hemralar maglumatlary hakykatdan hem häzirkiwagtda geçirmegi başardylar. Vodafone we AST synagyň tehniki jikme-jiklikleri, mysal üçin, internediň takyk tizligi barada anyk maglumat bermediler.
Şeýle-de bolsa, geçirilen synag BlueBird emeli hemralarynyň wideo jaňlaryny alyp barmaga mümkinçiliginiň bardygyny görkezdi.
AST häzirki wagtda esasy bäsdeşi bolan SpaceX Starlink-den birneme yza gelýär. Starlink eýýäm göni adaty smartfonlara birikmek üçin niýetlenen «Direct-to-Cell» (Göni öýjüge) tehnologiýasy bilen 400 töweregi emeli hemrany orbita çykaryp, giň gerimli synaglara başlady. AST ulanyjylara doly aragatnaşyk hyzmatyny hödürläp bilmek üçin häzir ýene-de onlarça emeli hemrany uçurmaly.
Häzirki wagtda AST-niň ABŞ-da AT&T we Verizon bilen bilelikde hemra aragatnaşygynyň beta-synagyna haçan başlajakdygy belli däl. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, BlueBird emeli hemralary sekuntda 120 Mbit-e çenli maglumat geçirip bilýär.


19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......