“Barselona” ýarymgoragçy Gawi bilen şertnamany uzaltdy

  • 02.02.2025 00:23
  • 6.4k+

Kataloniýanyň “Barselona” klubunyň metbugat gullugy toparyň ýarymgoragçysy Gawi bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Futbolçynyň klub bilen täze şertnamasy 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

Gawi 20 ýaşynda bolup, “Barselona” akademiýasynyň ýetişdiren oýunçysydyr. Ol 2021-nji ýylyň tomsunda ispan Primerasynyň çäklerinde ilkinji gezek çykyş etdi. Şonda ol 3-nji tapgyryň “Hetafe” bilen oýnunda meýdança çykdy. Häzirki möwsümde Gawi klub üçin ähli ýaryşlarda 20 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi we üç assist etdi.
Transfermarkt internet portaly ispaniýaly ýarymgoragçynyň bazar bahasyny 80 mln ýewro diýip hasaplaýar. 


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......