Toyota kompaniýasy Prius-y täzeledi. Ol benzinsiz 110 km çenli ýol geçip bilýär

  • 01.02.2025 16:24
  • 13k+

Toyota kompaniýasy Prius gibrid hetçbegini täzeledi. 2025-nji ýylyň wersiýasynda awtomobil ýokary çekiş batareýasyna eýe boldy, bu hem arassa elektrikde geçilýän menzili 110 km çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Esasy täzelikleriň biri geo-fencing ulgamy boldy: ol awtomobil sesleriniň ýa-da işläp çykarylýan gazlaryň çäklendirilen zolagyna girende, Prius-y awtomatik taýdan elektrik režime geçirýär. Şeýle aýratynlyk bu ýagdaýlara berk gözegçilik edýän ýurtlarda has peýdaly bolar.
Mundan başga-da, Prius 2025 awtomobili smartfon arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän sanly açar kartyny aldy. Gajetler üçin simsiz zarýad beriji kämilleşdirildi. Şeýle-de, howpsuzlyk ulgamlarynyň toplumy Toyota Safety Sense täzelendi.
Modeliň bahasy heniz belli däl. Häzirki bäşinji nesil Prius awtomobili (XW60) 2023-nji ýyldan bäri çykarylýar.


düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......