Hyundai Hindistan üçin elektrik tuk-tuklaryny işläp taýýarlady

  • 01.02.2025 16:16
  • 13k+

Hyundai Hindistanda we goňşy ýurtlarda meşhur bolan tuk-tuklaryň elektrikli görnüşleriniň nusgalaryny görkezdi. Modeller hindi TVS Motor Company kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Häzirlikçe diňe nusgalaryň gürrüňi edilýär, ýöne kompaniýa olaryň yzygiderli önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

Iki model hödürlendi: üç tekerli E3W we dört tekerli E4W.
Üç tekerli wersiýasynyň öň tarapynda bir oturgyç, dört tekerli görnüşiniňkide iki oturgyç bar. Kuzowynyň beýikligini sazlap bolýar, ýöne tehnologiýanyň jikme-jiklikleri aýan edilmeýär. Tuk-tuklara pnewmopodweska goýulmadyk bolsa gerek.
Öň panelde displeý we smartfon saklaýjy bolar. Şeýle hem ýazgylary we animasiýany görkezmek üçin faralaryň arasynda ekran göz öňünde tutulan.
Diametrli ulaldylan tigirler rahatlygy we geçijiligi ýokarlandyrmaly.
Tuk-tuklarda innowasiýalar hem bolar: awtoulaglaryň üçegi gyzdyryjylygy azaldýan ýörite gara reňk alar we ýolagçy bölüminiň bezeginde suw geçirmeýän materiallar ulanylar.
Ulaglaryň haçan öndürilip başlanjagy entek belli däl. Üç tekerli modeli Hindistanda öndürilmek meýilleşdirilýär, dört tekerli modeli bolsa halkara bazarlary üçin göz öňünde tutulýar. Tehniki häsiýetnamasy entek aýan edilmedi.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....