Galaxy S25 Ultra öňünden sargytlar boýunça beýleki modellerden öňe saýlandy

  • 01.02.2025 16:04
  • 8.3k+

Günorta Koreýanyň SK Telecom operatory Samsung Galaxy S25 hatarynyň smartfonlary boýunça öňünden sargyt statistikasyny hödürledi. Ýurtdaky satyn alyjylaryň 60-70%-i Galaxy S25 Ultra modelini saýlapdyrlar.

Operatoryň maglumatyna görä, Galaxy S25 Ultra üçin iň meşhur reňkler «gara titan» we «ak-kümüşsöw titan» bolupdyr.
Esasy model bolan Galaxy S25 üçin bolsa iň köp isleg bildirilen reňkler gök we kümüş görnüşleri bolupdyr.

«Öňünden sargyt boýunça umumy satuw atmosferasy öňki Galaxy S24-iňki bilen meňzeş» diýip, SK Telecom habar berdi. Galaxy S25 hatarynyň öňünden sargyt sanynyň Galaxy S24 hatarynyňky bilen deň bolmagyna garaşylýar.

Samsung Galaxy S25, Galaxy S25 Plus we Galaxy S25 Ultra 22-nji ýanwarda tanyşdyryldy. Şol günüň özünde kompaniýa örän inçe flagman modeli Galaxy S25 Edge-i hem görkezipdi.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....